Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe günündäki söwdalaşyklarynda jemi bahasy 7 million 191 müň 600 ABŞ dollaryna deň bolan suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
Owganystanyň, Özbegistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň duşenbe günündäki söwdalarynda jemi 6 geleşik hasaba alyndy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallaryny düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.

















