Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň çäklerinde galla oragynyň depgini bilen tanyşdy hem-de Ak bugdaý etrabynyň Gäwers daýhan birleşiginde bugdaý oragyna ak pata berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde çarşenbe güni habar berildi.
Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýurduň oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary, Gäwers daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçisi mähirli garşyladylar. Türkmenistanyň döwlet Baştutany kärendeçiniň haýyşy boýunça daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaýyň bir dessesini orup, galla oragyna ak pata berdi.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýurtda üznüksiz hasyl almak boýunça görülýän çäreler baradaky hasabatyny diňledi. Döwlet Baştutany oba hojalygynyň ülňülerine berk eýerilmegini we ýitgileri azaltmak üçin hasyl ýygnamak işleriniň netijeli gurnalmalydygyny nygtady.
Şeyle hem Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde guralan gök-bakja we miwe önümleriniň, däneli ekinleriň görnüşleriniň, çörek we çörek önümleriniň sergisi bilen tanyşdy.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ak bugdaý etrabynyň Gäwers daýhan birleşiginiň kärendeçisi Döwletmuhammet Muhammetsähedow bilen söhbetdeş boldy. Ol 2012-nji ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny, özüniň 28 gektar kärende ýeriniň bardygyny, 2026-njy ýylyň hasyly üçin 14 gektara bugdaý, 14 gektara bolsa gowaça ekendigini, bugdaý meýdanynyň her gektaryndan 40 sentnere golaý hasyla garaşýandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu ýerde yhlasly zähmeti bilen sahawatly toprakdan bol hasyl öndürýän kärendeçä öz sowgatlaryny gowşurdy.

















