“Türkmennebit” döwlet konsernine Malaýziýanyň “PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.” kompaniýasy we konserniň “Hazarnebit” döwlet kärhanasy bilen Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny esasynda netijeli özleşdirmek maksady bilen gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
2025-nji ýylda “PETRONAS” kompaniýasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygyň möhletiniň 2050-nji ýyla çenli uzaldylandygyny mälim edipdi.
“PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.” kompaniýasy Türkmenistanda 1996-njy ýyldan bäri işleýär. Kompaniýa Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän 1-nji blok boýunça önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygyň çäklerinde nebit-gaz taslamalaryny durmuşa geçirýär.

















