“Köýtendag” maldarçylyk hojalygynda 8 müň 30 guzy alyndy

BT
“Köýtendag” maldarçylyk hojalygynda 8 müň 30 guzy alyndy
Owlak-guzularyň we baş mallaryň öri meýdanynda bakylýan pursady (Surat: “Türkmen gündogary” gazeti)

“Köýtendag” maldarçylyk hojalygynda ene dowarlardan 8 müň 30 guzy alyndy. Bu barada “Türkmen gündogary” gazeti penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, maldarçylyk hojalygynda dowarlardan guzy almak, et we ýüň öndürmek boýunça meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirilýär. Rahmatulla Dospolatow, Oral Narkulow we Nureddin Berdiýew öňdebaryjy çopanlaryň hatarynda tanalýar. Olar her ýyl 100 ene goýundan 100–105 guzy alyp, ýokary önümçilik görkezijiligini gazanýarlar.

Şol bir wagtyň özünde “Köýtendag” maldarçylyk hojalygynda gyş möwsümine taýýarlyk işleri hem dowam edýär. Şu ýyl 890 tonnadan gowrak ot-iým taýýarlamak meýilleşdirilip, häzirki wagta çenli 340 tonna saman we gaty baldakly ot ýygnaldy. Bu işlerde birnäçe mehanizatorlar işjeň zähmet çekýärler.

Häzirki wagtda maldarçylyk hojalygynda dowarlaryň sany 20 müň 817-ä ýetip, olar 46 sürä bölünip idedilýär. Maldarçylyk hojalygynyň bölüm müdiri Böri Nartäjiýewiň bellemegine görä, mallary gyş möwsümine ýeterlik ot-iým bilen üpjün etmek boýunça degişli işler dowam etdirilýär.

2022