Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň 106 kilometri çekildi

BT
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň 106 kilometri çekildi
TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy (Surat: "Bakhtar" döwlet habarlar agentligi)

Owganystanyň Hyrat welaýatynda gurluşygy yzygiderli dowam edýän TOPH gaz geçirijisiniň 106 kilometr böleginiň gurluşygy tamamlandy. Bu barada Owganystanyň Magdan senagaty we nebit ministrliginiň berýän maglumatlaryna salgylanyp, “Bakhtar” döwlet habarlar agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, taslamanyň Owganystandaky 153 kilometrlik ugrunyň 127 kilometri gurluşyk işlerine taýýarlandy. Şeýle hem çekilen gaz geçirijisiniň 36 kilometrlik böleginde turbalary ýerastynda ornaşdyrmak işleri tamamlandy.

 “Bakhtar” döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, TOPH gaz geçirijisi Türkmenistanyň tebigy gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana geçirer. Şeýle hem, TOPH gaz geçirijisi doly ulanylmaga berlenden soň, onuň owgan sarp edijilerini elýeterli tebigy gaz bilen üpjün etmegine hem-de bu geçiriji arkaly amala aşyryljak üstaşyr hyzmatlardan Owganystana her ýyl takmynan 500 million ABŞ dollary möçberinde girdeji getirmegine garaşylýar.

TOPH taslamasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen möhüm sebit energetika taslamalarynyň biri bolup, sebitde energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

2022