Aşgabat şäherinde oktýabr aýynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler

BT
Aşgabat şäherinde oktýabr aýynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler
Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2025), 2025-nji ýylyň 18-nji sentýabry, “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy, Türkmenistan (Surat: THP)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2026-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmek baradaky teklibi makullady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Forumyň we ugurdaş çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum babatda özüne çekijiligi, ýangyç-energetika hem-de senagat toplumlarynyň esasy ugurlary, şeýle hem ygtybarly ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem durnukly ösüşi üpjün etmek üçin sanly we “ýaşyl” özgertmeler, sanly maliýe tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, agrotelekeçilik, howanyň üýtgemegi şertlerinde oba hojalyk ulgamynyň durnuklylygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak ýaly meselelere garalar.

Mundan başga-da, söwda we hyzmatlar ulgamlaryny ösdürmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny giňeltmek, abraýly halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy hem-de ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň strategik ugurlary boýunça pikir alyşmalar geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutany şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmek baradaky teklibi goldap, Wise-premýere öňde boljak çärä taýýarlyk görmek boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

2022