Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl sebitiniň Çolpon-Ata şäherinde anna güni geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygynyň jemleri boýunça “Çolpon-Ata” Jarnamasyna gol çekildi. Gol çekmek dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşdy. Bu barada Gyrgyzystanyň resmi “Kabar” habarlar agentligi habar berdi.
Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanlary sebit hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmak, ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow soňky ýyllarda özara ynamyň pugtalandyrylmagy netijesinde sebit hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykandygyny belledi. Şeýle hem ol syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegine ünsi çekip, Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapar edýän daşary ýurt raýatlary üçin bitewi syýahatçylyk wizasyny girizmek baradaky başlangyjy we bu ugurda ylalaşylan çözgütleri işläp taýýarlamagyň ähmiýetini belledi.
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklarynda ýolbaşçylygyna ýokary baha berdi. Şeýle hem ol 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Awazada geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçirilmegi üçin Gyrgyzystanyň bilelikde işlemäge taýýardygyny mälim etdi.
Duşuşygyň ahyrynda, “Çolpon-Ata” Jarnamasy Merkezi Aziýa döwletleri bilen Azerbaýjanyň arasynda ýokary derejedäki özara ynamy, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlylygy, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge taýýarlygy görkezýändigi bellenildi.

















