Türkmenistanyň Prezidenti Awaza etrabynyň täze häkimini wezipä belledi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Awaza etrabynyň täze häkimini wezipä belledi
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Türkmenistan (Surat: Türkmenmetbugat)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Soýençnazar Nurnazarowiç Selimowy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipesine bellemek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipesini ýerine ýetirip gelen Döwlet Rozymyradowiç Jumaýew bu wezipeden boşadyldy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda, Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän ýurduň esasy dynç alyş we syýahatçylyk merkezleriniň biridir. Zolakda döwrebap myhmanhanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, kottej toplumlary, sport we beýleki desgalar ýerleşýär.

Soňky ýyllarda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkara ähmiýetli forumlar we duşuşyklar hem geçirilýär. Şeýlelikde, milli syýahatçylyk zolagy diňe bir dynç alyş merkezi bolman, halkara çäreleriň geçirilýän ýerleriniň biri hökmünde hem tanalýar.

2022