Türkmenistanda täze orta mekdepler we çagalar baglary açyldy

BT
Türkmenistanda täze orta mekdepler we çagalar baglary açyldy
Türkmenistanda 28-nji çagalar bakja-bagynyň açylyş dabarasy

Türkmenistanda 2026–2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli täze orta mekdepler we çagalar baglary açylyp ulanmaga berildi. Täze bilim edaralarynda okuwçylaryň we körpeleriň döwrebap şertlerde bilim we terbiýe almagy üçin zerur mümkinçilikler döredildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň T.Baýramdurdyýew geňeşliginiň Gökdepe obasynda 960 orunlyk täze orta mekdep açyldy. Iki gatly binanyň gurluşygyny “Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri amala aşyrdy. Mekdebiň okuw otaglary häzirki zaman multimedia enjamlary we kompýuterler bilen üpjün edilip, zähmet derslerini özleşdirmek we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin hem ähli şertler döredildi.

Tejen etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşliginde hem 320 orunlyk täze çagalar bagy açylyp ulanmaga berildi. “Hyrydar” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan çagalar bagynda körpeleriň oýun arkaly başarnyklaryny ösdürmegi, terbiýelenmegi we dynç almagy üçin amatly şertler döredildi.

Mundan başga-da, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde hem täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy geçirildi. Döwrebap binada dürli ýaş toparlarynyň aýratynlyklary nazara alnyp, çagalaryň sazlaşykly ösmegi we wagtyny şadyýan geçirmekleri üçin şertler döredildi. Welaýat merkeziniň “Gülüstan” şäherçesinde bolsa 240 orunlyk çagalar bagy açylyp, onuň iki gatly binasynda lingafon otaglary, kompýuter enjamlary we multimedia tagtalary ýerleşdirildi.

Şeýle hem Lebap welaýatynyň Çärjew we Farap etraplarynda iki sany täze orta mekdepler açyldy. Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Duruýap obasynda açylan 400 orunlyk 28-nji orta mekdep “Astana gurluşyk” hojalyk jemgyýeti tarapyndan durmuşa geçirildi. Täze mekdep 3,5 gektar meýdany eýeläp, onda 34 synp otagy, 12 sany dürli maksatly goşmaça otag, şeýle hem kompýuter we lingafon otaglary bar.

Farap etrabynyň Garamyş geňeşliginiň Bozaryk obasynda gurlan 600 orunlyk 24-nji orta mekdep 3 gektar meýdany eýeläp, “Bäş nur” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Täze mekdepde 44 synp otagy, dört lingafon we iki kompýuter otagy döredilip, lingafon otaglarynyň ikisi iňlis, ikisi bolsa rus dilini çuňňur öwrenmäge niýetlenendir.

Täze bilim edaralarynda giň okuw otaglary, döwrebap okuw enjamlary, interaktiw-multimedia ulgamlary, kitaphanalar, sport we medeni çäreler üçin zallar hem-de zähmet derslerini özleşdirmek üçin otaglar göz öňünde tutuldy. Çagalar baglarynda bolsa dürli ýaşdaky toparlar üçin oýun we ýatylýan otaglar, lingafon we kompýuter otaglary döredildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022