Sentýabr I hepde: TDHÇMB-da $38,5 millionlyk geleşik baglaşyldy

BT
Sentýabr I hepde: TDHÇMB-da $38,5 millionlyk geleşik baglaşyldy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen göçme birža söwdalary, 2024-nji ýylyň 5-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan

Şu hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşary ýurt puluna jemi bahasy 38 million 560 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň we Singapuryň işewürleri az kükürtli ýakyş mazudyny, portlandsementi, guradylan arassalanmadyk buýan köküni, nah ýüplügini, agardylan nah hasany, nah we biz matalaryny satyn aldylar.

Mundan başga-da, ýerli telekeçiler içerki bazar üçin jemi bahasy 140 million 311 müň 100 manada deň bolan gurluşyk nebit bitumyny, pagta süýümini, çig ýüpegi, nah ýüplügini hem-de matany satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu hepdedäki söwdalarynda jemi 22 sany geleşik baglaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС