Türkmenistanyň Prezidenti Eswatini we Braziliýanyň ýolbaşçylaryny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Eswatini we Braziliýanyň ýolbaşçylaryny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Braziliýanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen harby ýöriş. (Surat: Sinhua)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eswatiniň Patyşasy Mswati III-ä we Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa hem-de ýurduň ähli halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutany Eswatiniň Patyşasy Mswati III-ä tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Eswatiniň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Prezident Luis Inasiu Lula da Silwa tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Braziliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Eswatini 1968-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda, Braziliýa Federatiw Respublikasy bolsa 1822-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda garaşsyzlygyny gazandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022