Türkmenistan Pekinde geçirilýän Durnukly ulag boýunça ählumumy foruma gatnaşýar

BT
Türkmenistan Pekinde geçirilýän Durnukly ulag boýunça ählumumy foruma gatnaşýar
Pekinde 22-nji sentýabrda geçirilen Durnukly ulag boýunça ählumumy forumyň çäklerindäki ministrler forumy (Surat: Türkmenistanyň Halkara deňiz porty / Instagram)

Türkmenistan Pekinde 22–23-nji sentýabr aralygynda geçirilýän 2026-njy ýylyň Durnukly ulag boýunça ählumumy forumyna gatnaşýar. Forumyň çäklerinde Transhazar halkara ulag geçelgesi boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirilip, oňa Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary boýunça döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary gatnaşdy. Bu barada Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň resmi sosial sahypasynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň wekili utgaşykly ýük daşamalary ösdürmegiň, logistika ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, deňiz portlary bilen demir ýol edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, şeýle hem ulag pudagynyň sanly özgerişini çaltlandyrmagyň möhümdigini belledi.

Şeýle hem duşuşykda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny Transhazar halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegi hökmünde pugtalandyrmak, Hazar deňzi arkaly deňiz ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak hem-de milli söwda flotuny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Forum durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin ulag ministrlerini, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, döwlet edaralarynyň, işewür toparlarynyň wekillerini we bilermenleri bir ýere jemleýär. Çäre “Durnukly ulag: adamlaryň erkin hereketi we harytlaryň bökdençsiz daşalmagy” diýen tema bagyşlanýar.

Bu forum Hytaý Halk Respublikasynyň Ulag ministrliginiň goldawy bilen geçirilip, ony Durnukly ulag ulgamynda Ählumumy innowasiýalar we bilim merkezi (GSTIKC) guraýar. Forumyň esasy maksady ählumumy ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmak we durnukly ulag ulgamyny ösdürmekden ybarat. Şeýle hem ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň we 2026–2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulagyň onýyllygynyň durmuşa geçirilmegine goldaw bermäge gönükdirilendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022