Türkmen ilçisi Nýu-Ýorkda Transhazar ulag geçelgesi boýunça geçirilen çärä gatnaşdy

BT
Türkmen ilçisi Nýu-Ýorkda Transhazar ulag geçelgesi boýunça geçirilen çärä gatnaşdy
Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Esen Aýdogdyýew (sagdan ikinji) Nýu-Ýorkda geçirilen “Parahatçylyk arkaly ösüş: Transhazar söwda ugruna we TRIPP-e maýa goýmak” atly çäräniň gatnaşyjylary bilen, 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabry

Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew 23-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde geçirilen “Parahatçylyk arkaly ösüş: Transhazar söwda ugruna we TRIPP-e maýa goýmak” atly çärä gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň sosial sahypasynda habar berildi.

Panel maslahatynyň dowamynda Esen Aýdogdyýew Türkmenistanyň sebitdäki ulag arabaglanyşygyna bolan çemeleşmesini beýan edip, Merkezi Aziýa, Hazar sebiti we halkara bazarlarynyň arasynda üstaşyr geçişi we söwdany ýeňilleşdirmekde Türkmenistanyň möhüm ornuny nygtady.

Habarda bellenilişi ýaly, çärä gatnaşyjylar sebitdäki arabaglanyşygy pugtalandyrmak, ulag we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, hususy maýa goýumlaryny çekmek, şeýle hem Transhazar söwda ugrunyň we TRIPP boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çäre ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň başlangyjy bilen guraldy. ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoff hem çäräniň dowamynda çykyş edip, uly geňeşçi Ariý Laitstoun bolsa maslahaty alyp bardy. Çärä ABŞ-nyň ýokary derejeli wekilleri, şeýle-de Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz ýurtlarynyň wekilleri hem-de 40-dan gowrak kompaniýa gatnaşdy.

2022