Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli daşary ýurt döwletleriniň Liderlerinden gutlag hatlary gelip gowuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Gutlag hatlaryny Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saud, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon iberdiler.
Gutlag hatlarynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşde gazanan üstünlikleri, şeýle hem ýurduň halkara giňişlikdäki abraýynyň ýokarlanýandygy bellenilýär. Döwlet Baştutanlary gutlag hatynda Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny hem beýan etdiler.
Döwlet Baştutanlary öz gutlaglarynda Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk we döwlet işinde üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdiler.
Aşgabat şäherinde 27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli birnäçe dabaraly çäreler, şol sanda harby ýöriş we şanly senä bagyşlanan baýramçylyk konsertleri geçirilýär.















