Türkmenistandan Kabula çekilýän elektrik geçirijisiniň gurluşygyny on aýda tamamlamak meýilleşdirilýär

BT
Türkmenistandan Kabula çekilýän elektrik geçirijisiniň gurluşygyny on aýda tamamlamak meýilleşdirilýär
Elektrik geçiriji liniýasy (Surat:TOLOnews)

Türkmenistandan Owganystanyň paýtagty Kabula çekilýän 500 kW kuwwatly elektrik geçiriji liniýasynyň gurluşygyny ýakyn on aýyň dowamynda tamamlamak meýilleşdirilýär. Bu barada "TOLOnews" neşiri Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) energetika kompaniýasyna salgylanyp habar berýär.

Owganystan Türkmenistan, Özbegistan, Eýran we Täjigistan bilen 500 kW kuwwatly dört sany elektrik geçiriji liniýasynyň taslamasyny durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar. "TOLOnews" neşiriniň maglumatlaryna görä, bu taslamalaryň kuwwaty 1 000–1 500 MWt aralygynda bolar. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistan we Özbegistan bilen baglanyşykly taslamalar boýunça işler alnyp barylýar.

DABS kompaniýasynyň öňki ýolbaşçysy Amanullah Galibiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Türkmenistandan çekilýän 500 kW kuwwatly elektrik geçiriji liniýasynyň Puli Humri şäherine çenli ýetýändigini aýtdy.

DABS kompaniýasynyň we Özbegistanyň wekilleri kuwwaty 1 000 MWt bolan Surhan — Daşti-Alwan elektrik geçiriji liniýasynyň taslamasyny çaltlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem  Eýran we Täjigistan bilen elektrik geçiriji liniýalaryny gurmak boýunça taslamalar hem gözden geçirilýär we bu ugurdaky gepleşikler dowam edýändigi barada "TOLOnews" habar berýär.

2022