“OGT 2026” sergisine 75 ýurtdan 450 kompaniýa gatnaşar

BT
“OGT 2026” sergisine 75 ýurtdan 450 kompaniýa gatnaşar
Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2025” atly 30-njy halkara maslahat we sergi, 2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry.

Aşgabatda 21–23-nji oktýabrda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026” atly 31-nji halkara maslahatyna we sergisine 75 ýurtdan 450 kompaniýanyň wekilçilik etmeginde 1500-den gowrak wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar. Çärä gatnaşyjylary hasaba almak işleri tamamlandy. Bu barada çäräniň bilelikde guramaçysy bolan Turkmen Energy Forum (TEF) habar berýär.

Gatnaşyjylaryň hatarynda döwlet edaralarynyň, öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň, maliýe guramalarynyň, tehnologiýa üpjün edijileriniň wekilleri hem-de pudagyň bilermenleri bar.

Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meseleler girizildi. Şeýle hem “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek, Hazar sebitinde hyzmatdaşlygyň geljegi, tebigy gazy gaýtadan işlemek we önümçiligiň ekologik netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berler.

Sergi 21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda açylyp, onda kompaniýalar energetika pudagy üçin niýetlenen enjamlaryny, tehnologiýalaryny we inženerçilik çözgütlerini görkezerler. Çäräniň çäklerinde ilkinji gezek Malaýziýanyň milli pawilýony hem gurnalyp, onda bu ýurduň 20-den gowrak kompaniýasy öz işläp taýýarlamalaryny tanyşdyrar.

Mundan başga-da, maksatnamada tematik tegelek stollar, tehnologiýa tanyşdyrylyşlary we işewür duşuşyklar göz öňünde tutulýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022