Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 29-njy oktýabrda Türkiýede Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) XIII sammitiniň çäklerinde geçirilen Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Dabara Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Tufan Erhürman, Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow hem-de TDG-niň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew gatnaşdylar. Serdar Berdimuhamedow dabaranyň beýleki gatnaşyjylary bilen bilelikde seýilgähde bag nahallaryny oturtmak çäresine gatnaşdy.
Seýilgähde Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň milli pawilýonlary görkezildi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň pawilýonynda milli ak öý, durmuşda ulanylýan dürli esbaplar, milli lybaslar we saz gurallary ýerleşdirildi. Türkmenistanyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde sungat ussatlary milli saz we halk döredijilik mirasyny, şol sanda “Küştdepdi” tansyny ýerine ýetirdiler.
Açylyş dabarasyndan soňra döwlet Baştutanlary we wekiliýet “Malazgirt” çäreler merkezinde geçirilen türki dünýäsiniň sungat ussatlarynyň konsertine gatnaşdylar. Konsertiň maksatnamasyna “Türki dünýä” ansamblynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezident simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde TDG-ä agza ýurtlaryň saz eserleri girizildi.

















