Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly ak pata bermeginde 4-nji noýabrda Garabogaz–Gazagystan serhedi aralygyndaky uzynlygy 44 kilometre deň bolan täze awtomobil ýolunyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilýär.
Halkara standartlaryna laýyklykda gurlan täze ýol bölegi Demirgazyk–Günorta halkara ulag geçelgesiniň düzümine girýän "Türkmenbaşy–Garabogaz–Gazagystanyň serhedi" awtomobil ýolunyň bir bölegi bolup, Gazagystan bilen döwlet serhedine çenli ulag gatnawyny üpjün etmäge ýardam eder.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň ozal habar berşi ýaly, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda uzynlygy 207 kilometre deň bolan "Türkmenbaşy–Garabogaz" awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasy geçirilip, häzirki wagtda bu awtomobil ýolunyň gurluşyk işleri dowam etdirilýär.
Şeýle hem 4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti uzynlygy 546 kilometre deň bolan Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

















