Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda ýyllyk önümçilik kuwwaty 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitrasyny öndürmäge niýetlenen azot dökünlerini öndürýän täze toplum gurlar. Täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çarşenbe güni Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäklerinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Şol gün döwlet Baştutany “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine azotly dökünleri öndürýän toplumy gurmak boýunça şertnama baglaşmaga rugsat berýän Karara gol çekdi.

Taslama “Çalık Holding” toparyna girýän Türkiýäniň “GAP Inşaat” kompaniýasy tarapyndan Germaniýanyň “Thyssenkrupp Uhde GmbH” kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylyp, önümçilikde ammiak, karbamid we ammiak selitrasyny öndürmek üçin “Thyssenkrupp Uhde GmbH” kompaniýasynyň tehnologiýalary ulanylar.
Önümçiligiň esasy çig maly tebigy gaz bolup, onuň ýyllyk sarp edilişiniň deslapky hasaplamalara görä, 630 million kub metre barabar bolmagyna garaşylýar. Kärhananyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi toplumyň düzüminde oturdyljak turbina generatorlarynyň üsti bilen amala aşyrylyp, taslamanyň durmuşa geçirilmeginde serişdeleri tygşytly peýdalanmaga we daşky gurşawa ýetirýän täsiri azaltmaga gönükdirilen tehnologik çözgütler hem giňden ulanylar.
Toplumda öndüriljek karbamid hem-de ammiak selitra dökünleri içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyryp, şol bir wagtyň özünde öndüriljek karbamidiň esasy bölegi daşary ýurtlara eksport ediler. Toplumyň gurluşygynyň doly tamamlanmagy bilen 1 müňden gowrak täze iş ornunyň döredilmegine hem garaşylýar.

















