Russiýanyň Türkmenistandan importy 30 göterim artdy

BT
Russiýanyň Türkmenistandan importy 30 göterim artdy
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň konteýner terminaly (Surat: “Altyn asyr” elektron gazeti).

Russiýanyň Türkmenistandan import edýän önümleriniň möçberi 30 göterim artyp, 252,5 million ABŞ dollaryna ýetdi. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin duşenbe güni Moskwada geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisinde habar berdi.

Marat Husnulliniň aýtmagyna görä, eksportyň artmagyna azyk we oba hojalyk önümleri, himiki sapaklar we süýümler, pagta hem-de dokma önümleri esasy goşant goşdy. Ol iki ýurduň ulag-logistika, senagat, energetika, oba hojalygy, söwda, bilim we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygynyň hem ösdürilýändigini belledi.

Mejlis Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň bilelikde ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022