Türkmenistan bilen Russiýanyň demir ýol daşamalary 441,2 müň tonna ýetdi

BT
Türkmenistan bilen Russiýanyň demir ýol daşamalary 441,2 müň tonna ýetdi
Russiýanyň demir ýollarynyň ýük otlusy (Surat: “Hytaý panoramasy” gepleşiginden alnan pursat).

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda dokuz aýyň dowamynda amala aşyrylan demir ýol ýük daşamalarynyň möçberi 11,5 göterim artyp, 441,2 müň tonna ýetdi. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin duşenbe güni Moskwada geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisinde habar berdi.

Russiýanyň Hökümetiniň habar bermegine görä, Marat Husnullin iki ýurduň demir ýol edaralarynyň bilelikdäki işiniň netijesinde konteýner otlularynyň ortaça gatnaw wagtynyň 33 günden 16 güne çenli azalandygyny hem belledi.

Mejlis Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň bilelikde ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi, sanly tehnologiýalary ösdürmegi we ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň netijeleri boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022