Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) başlygy Batyr Wolsahatow duşenbe güni Pariž şäherinde “Paris EUROPLACE” guramasynyň öňki baş wekili Arno de Bresson we Fransiýanyň “Next Step Influence” (NSI) agentliginiň uly geňeşçisi Olga Belo bilen duşuşdy. Duşuşykda haryt bazarlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi, fransuz we beýleki Ýewropa kompaniýalarynyň TDHÇMB-niň söwdalaryna gatnaşmagy, şeýle-de döwrebap maliýe we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, fransuz tarapy energetika, oba hojalyk-senagat we maliýe ulgamlarynda işleýän Ýewropa kompaniýalary bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, şeýle-de degişli ugurlar boýunça bilermenleri çekmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek, birža söwdalaryna halkara gatnaşyjylaryň sanyny artdyrmak, häzirki zaman söwda mehanizmlerini öwrenmek we birža işinde emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak meselelerine aýratyn üns berildi. Gepleşikleriň netijesinde taraplar dialogy dowam etdirmäge we amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
TDHÇMB-niň başlygy Batyr Wolsahatow Pariž şäherine saparynyň çäklerinde Ýewropanyň “Euronext” biržasynyň wekilleri bilen hem duşuşdy. Duşuşykda haryt bazarlaryny guramakda tejribe alyşmak, elektron söwda ulgamlaryny ösdürmek, geleşikleriň aýdyňlygyny ýokarlandyrmak we emeli aňdan peýdalanmak bilen sanly tehnologiýalary ulanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Next Step Influence” (NSI) strategik seljeriş we halkara bazarlarda işewürligi goldamak boýunça ýöriteleşen Fransiýanyň ADIT toparynyň düzümine girýän strategik maslahat beriş agentligidir.
















