Türkmenistanyň Prezidenti "ARETI"-niň ýolbaşçysyny kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti "ARETI"-niň ýolbaşçysyny kabul etdi
Duşuşygyň dowamynda sport ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

3-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyzy BMG-niň Baş Assambleýasynyň milli Liderimiziň başlangyjy boýunça esaslandyran Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Igor Makarow “ARETI” kompaniýalar toparynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketiniň ösdürilmeginiň, halk köpçüliginiň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga çekilmeginiň, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy degişli güwänama bilen sylaglamak we 2021-nji ýylda Aşgabatda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny bermek hakyndaky çözgüdi, şeýle hem, ýurdumyza “Guinness World Records” kompaniýasynyň nobatdaky güwänamasynyň gowşurylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň dowamynda sport ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistanda 2021-nji ýylda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek, galyberse-de, 2026-njy ýylda şosse welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek işlerine taýýarlygyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Ýurdumyzda Welosipedçileriň halkara birleşigi (UCI) bilen bilelikde ýokary derejeli we halkara ýaryşlarynda Watanymyza mynasyp wekilçilik etmäge ukyply türkmen türgenlerini taýýarlamak maksady esasynda ýöriteleşdirilen mekdebi açmak baradaky pikir öňe sürüldi.

Şunuň bilen baglylykda, Igor Makarow “Katýuşa — Türkmenistan” toparyny döretmek hakyndaky teklibi öňe sürdi. Şeýle hem “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy ýurdumyzda alyp barýan işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi we bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdi.

2022