Paýtagtymyzda Merkezi Aziýada suw diplomatiýasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Paýtagtymyzda Merkezi Aziýada suw diplomatiýasyna bagyşlanan maslahat geçirildi
Myhmanhanasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan «Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde suw diplomatiýasynyň orny» atly halkara maslahat geçirildi.

Paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan «Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde suw diplomatiýasynyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Ony ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Daşary işler ministrligi bilelikde gurady. Bu barada TDH habar berýär.

Foruma ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň tebigaty goraýyş edaralarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, pudaklaýyn düzümleriň wekilleri, Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň alym-ekologlary gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Maslahata gatnaşýan daşary ýurtly wekilleriň sany Türkmenistanyň iri halkara guramalar we ekologiýa babatda ylmy-barlag merkezler bilen gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini äşgär edýär. Maslahata gatnaşýanlaryň hatarynda BMG-niň we onuň düzümleýin bölümleri bolan BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Utgaşdyryjy býurosynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we beýlekileriň tebigaty goraýyş düzümleriniň hünärmenleri bar.

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede kabul eden ilkinji ýurtlaryň biridir. BMG-niň tebigaty goramak boýunça möhüm ylalaşyklaryny, şol sanda, biologik dürlülik, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak hakyndaky Konwensiýalary, suw-batgalyk ýerleri hakyndaky Ramsar, çölleşmä garşy göreş boýunça, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakyndaky Konwensiýalaryny we beýlekileri tassyklap, ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdebaryjy tejribä, täzeçil tehnologiýalara hem-de köpasyrlyk milli däplere daýanýan ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösüşiň esasy gurallarynyň biri hökmünde kesgitlän «ýaşyl ösüş» strategiýasynyň çäklerinde Türkmenistanda ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini saklamak hem-de dikeltmek, çölleşmä, ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek, tebigy we tehnogen ýagdaýlaryň ýaramaz täsiriniň öňüni almak hem-de töwekgelçiligini peseltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmenistan suwuň dünýäniň halklarynyň umumy baýlygy, şeýlelikde, her bir adamyň arassa agyz suwuna bolan düýpli hukugyny üpjün etmek ýaly adalatly ýörelgä eýerýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde eden çykyşynda suw serişdelerine elýeterliligiň, şolaryň netijeli dolandyrylmagynyň döwletleriň ösüşine, ykdysadyýetine, durmuş ulgamyna, adamlaryň abadançylyk derejesine we durmuş hiline uly täsiriniň bardygyny belledi.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda sebitiň durnukly ösüşi üçin möhüm ugurlar, hususan-da, söwda, ulag, suw serişdelerini dolandyrmak, daşky gurşawy goramak, energetika, syýahatçylyk we medeniýet ulgamlaryndaky bilelikdäki işiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Suw hyzmatdaşlygyny gowulandyrmagyň, aýratyn-da, serhetüsti çäklerde ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary ýaýratmagyň halkara derejede suw maksatlary boýunça ylalaşyklary gazanmak üçin ähli derejede suw hyzmatdaşlygyny ilerletmek boýunça wajyp ugurlardygy nygtaldy. Merkezi Aziýanyň suw diplomatiýasynyň daşky gurşawy goramak babatda we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ýüze çykýan esasy meseleler we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmekde köptaraply institutlaryň hem-de olaryň hyzmatdaşlygynyň eýeleýän orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň ugurdaş edaralarynyň bilermenleri bu ugurda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler, bu işleri mundan beýläk-de utgaşdyrmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezi bilen Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň arasynda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Resminama özara gatnaşyklaryň berkidilmegine, döwlet we sebit düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilendir.

2022