Çarşenbe güni Hazar we Merkezi Aziýa sebitinden diplomatlar, Ýewropa Daşary işler gullugynyň işgärleri, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak we halkara bilermenler Hazar we Merkezi Aziýa sebitinde Ýewropa Bileleşigi üçin maýa goýum mümkinçiliklerini maslahat etdiler.
Brýusselde geçirilen “Birinji Hazar ykdysady forumy: Hazar we Merkezi Aziýa sebitinde Ýewropa Bileleşigi üçin maýa goýum mümkinçilikleri” atly tegelek stol duşuşygy Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasy we ÝB-niň goldamagynda hereket edýän Aziýa ylmy-gözlegleri boýunça Ýewropa instituty bilen bilelikde gurnaldy.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň baý tebigy gorlary we olary Ýewropanyň energetika bazaryna çykarmagyň mümkinçilikleri, Türkmenistanyň sebit we halkara ulag-logistika gatnaşyklarynda eýeleýän wajyp orny, iri döwrebap infrastruktura desgalary hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar.
Birinji Hazar ykdysady forumy şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň Hazaryň halkara-hukuk derejesi barada Konwensiýanyň kabul edilmeginiň bir ýyllygyna bagyşlanyp geçiriler. Forum Hazar sebitinde ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna badalga bermegi maksat edinýär.