Özbegistan ikitaraplaýyn ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak maksady üçin Türkmenistan bilen serhetde täze “Surhanabat” stansiýasyny gurup, ulanmaga berdi. Bu barada “Uzbekiston temir ýullari” kompaniýasynyň maglumat merkezi habar berýär.
Maglumatlara görä, täze stansiýa ýükleri gatnatmakda eksport-import amallaryny ýerine ýetirmäge hyzmat eder. 2017-nji ýylyň martynda Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtoulag köprüleriniň gurlup, ulanylmaga berliş dabarasy bolup, oňa iki ýurduň döwlet Baştutanlary-da gatnaşdy.
Açylyş dabarasynda çykyş edenler bu täze stansiýanyň iki ýurdy birleşdirýän "täze derweze" hökmünde hyzmat etjekdigini belläp geçdiler.
Täze köprüleriň gurulmagy, iki ýurduň arasyndaky ýük gatnawlaryny artdyrmaga hem-de ýükleriň üstaşyr geçirilişiniň gerimini giňeltmäge uly mümkinçilik döretdi. “Surhanabat” stansiýasynyň işe girizilmegi hem iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ilerletmäge ýardam berjek nobatdaky mümkinçilikdir.
“Surhanabat” stansiýasy iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň ýokarlanmagynda möhüm orny eýelär. Munuň bilen birlikde, bu stansiýa kiçi göwrümli bizneslere we hususy eýeçilige goldaw bermäge gönükdirilendir. Has möhümi bolsa, ol iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has hem pugtalandyrylmagyna itergi berer diýip, “Uzbekiston temir ýullari” kompaniýasy belleýär.
Çeşme: “Türkmenistan” gazeti we “Uzbekiston temir ýullari” kompaniýasy