Türkmen telekeçileri USAID-iň logistika okuwyna gatnaşýarlar

BT
Türkmen telekeçileri USAID-iň logistika okuwyna gatnaşýarlar

ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) Beýik Britaniýanyň Logistika we ulag boýunça Patyşalyk instituty (CILT) bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 10-14-nji iýun aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde Merkezi Aziýanyň logistika boýunça tälimçileri üçin okuw gurnaýar.

Bu okuw çäresine Merkezi Aziýanyň 5 ýurdundan 25 tälimçi, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan “Türkmen logistika assosiasiýasy”, “Türkmenistanyň transport-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hem-de hususy kärhananyň wekilleri gatnaşýarlar.

Dört gün dowam edýän bu okuw çäresi ulag we logistika ugry boçunça hünärmenleri taýýarlamak babatda logistika merkezleriniň, uniwersitetleriň, we ylmy institutlaryň arasyndaky durnukly hyzmatdaşlygyň ähmiýetine üns çekip, Merkezi Aziýanyň hünärmenlerine özara tejribe we pikir alyşmaga şert döredýär.

Okuwyň dowamynda diňleýjiler ulag we logistika boýunça giň düşünje alarlar, bu hem öz gezeginde olara alan bilimlerini iş ýüzünde ulanmaga we sebitiň logistik kuwwatyny ösdürmäge uly itergi berer. 

Bu okuw Merkezi Aziýada bäsdeşlik, söwda we iş orunlaryny döretmek boýunça USAID-iň taslamasynyň çäginde CILT tarapyndan amala aşyrylýan meýilnamanyň bir bölegi hökmünde geçirilýär.

Beýik Britaniýanyň Logistika we ulag boýunça Patyşalyk instituty 1919-njy ýylda esaslandyryldy we dünýäniň logistika hem-de ulag hünärmenlerini bir ýere jemleýär. Institutyň 35 ýurtda 35 müňden gowrak agzalary bardyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022