Hyratda türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi

Hyratda türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
Duşuşygyň ahyrynda demir ýol we elektroenergetika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminamalara gol çekildi.

2019-njy ýylyň 16-17-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti iş sapary bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäherinde boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Türkmen wekiliýeti bilen Owganystanyň Prezidentiniň infrastrukturalar boýunça geňeşçisi, Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-owgan toparynyň owgan böleginiň başlygy Mohammad Humaýun Kaýuminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň maksady Owganystanyň prezidentiniň şu ýylyň fewral aýynda ýurdumyza bolan resmi saparynyň dowamynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklary we bu babatdaky işleri durmuşa geçirmekden ybarat.

Duşuşygyň ahyrynda demir ýol we elektroenergetika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminamalara gol çekildi.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022