Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alşyldy

Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alşyldy
Söhbetdeşlikde türkmen-rus gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy boýunça strategik hyzmatdaşlygyň has hem berkidilmegi meselesine garaldy.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, Kremliň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Söhbetdeşlikde türkmen-rus gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy boýunça strategik hyzmatdaşlygyň has hem berkidilmegi meselesine garaldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we sebitara gatnaşyklary, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň Tatarystana boljak sapary babatynda pikir alşyldy.

Şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk etmegindäki Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň käbir ugurlary barada maslahat edildi.

Söhbetdeşlikde 12-nji awgustda Awazada geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumy barada hem gürrüň edildi.