Russiýada türkmen polimerleriniň importy 108 müň tonna ýetdi

Russiýada türkmen polimerleriniň importy 108 müň tonna ýetdi
Kärhanada her ýyl 386 müň tonna ýokary hilli polietilen, 81 müň tonna hem polipropilen öndürmäge mümkinçilik bar.

Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna uly möçberde polietilen ugradýan döwletleriň birine öwrüldi. Gyýanlydaky täze gazhimiýa toplumynyň önümleri ilkinji gezek geçen ýylyň güýzünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen satuwa çykaryldy diýlip, Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň elektron gazetinde aýdylýar.

Bilermenlere görä bu ýagdaý Russiýada pes basyşly polietileniň importynyň okgunly artmagyna getirdi. 2019-njy ýylyň dört aýynda 108 müň tonna golaýlap, ol rekord derejä ýetdi. Bu bolsa, 2018-nji ýylyň degişli döwründäkiden 27 müň tonna köpdür.

Önümiň daşary ýurtlara ugradylýan möçberi boýunça öňdebaryjy döwletleriň bäşisiniň hataryna Özbegistan, Türkmenistan, Finlýandiýa, Koreýa Respublikasy we Taýland girýär.

Russiýaly telekeçiler, esasan, ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn alýarlar. Ol suw we gaz geçirmek üçin turbalary taýýarlamak, şeýle-de, durmuşda ulanylýan hojalyk we tehniki maksatly serişdeleri basyş astynda guýmaga niýetlenendir.

Ýurdumyzda öndürilýän polipropilene hem isleg artýar. Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan polimeriň bu görnüşini Russiýanyň bazaryna ugratmak boýunça Germaniýa, Koreýa Respublikasy, Finlýandiýa, Belgiýa, Gazagystan, Awstriýa, Özbegistan, Italiýa, Niderlandlar, Hytaý ýaly ýurtlardan öňe geçdi.

Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, plastmassa önümleri Türkmenistandan satyn alynýan harytlaryň sanawynda birinji orny eýeleýär. Ýurdumyzdan Russiýa iberilen polimerleriň umumy bahasy 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde ABŞ-nyň 18 million dollaryndan gowrak boldy. Geçen ýylyň şol döwrüne garanyňda, 78% köpdür. 2017-nji ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende bolsa, polimerleriň Russiýanyň bazaryna ugradylan möçberi 5 esseden hem gowrak artdy.

Bahasy 3 milliard 400 million amerikan dollaryndan hem köp bolan Gyýanlydaky bu iri maýa goýum taslamasy koreý we ýapon kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy we 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda açylyp ulanmaga berildi. Toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.

Iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan bu kärhanada her ýyl 386 müň tonna ýokary hilli polietilen, 81 müň tonna hem polipropilen öndürmäge mümkinçilik bar. Zawodda müňden gowrak täze iş orny hem döredildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022