Türkmenistanyň Prezidenti Kazana barmagy meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Kazana barmagy meýilleşdirýär
"Sabantuý" baýramçylygyndan pursatlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji iýunda Kazan şäherine iş sapary bilen barmagy meýilleşdirýär. Prezident ol ýerde her ýyl geçirilýän “Sabantuý” milli baýramçylygyna gatnaşar. Bu barada “Tatar-inform” habar berýär.

Halkara protokolyna laýyklykda ýurt Baştutanymyzyň Tatarystan Respublikasyna meýilleşdirilýän saparynyň dowamynda Prezident Rustam Minnihanow bilen Kazan Kremlinde duşuşyk geçiriler.

“Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýokary derejeli myhmanymyz bolar we Prezidente üçünji belgili at çapyşygyny görkezeris” diýip, Tatarystan Respublikasynyň Oba hojalyk we azyk ministriniň maldarçylyk boýunça orunbasary Nazip Hazipow belledi.

Üçünji çapyşyk “Zolotoý argamak” (“Altyn argamak”) diýlip atlandyrylýar. Bu çapyşyga ahalteke bedewleri hem gatnaşar. Bu atlaryň tohumy häzirki Türkmenistanyň çäklerinde müň ýyl mundan öň döredildi.

“Bu çapuw atlaryň – ahalteke bedewleriniň gözelligi deňsiz-taýsyzdyr. Biz olary tutuş Russiýa boýunça jemledik. Bir ahalteke bedewi Tatarystanyň “Timerhan” atçylyk toplumynda bar, çapyşyga jemi 13 at gatnaşar. Biz olary Dagystandan, Moskowskaýa welaýatyndan, Stawropoldan getirdik. Geçilmeli aralyk – 1200 metr” diýip, Nazip Hazipow belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan şäherine soňky iş saparyny geçen ýylyň 6-njy iýulynda amala aşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022