Logistika we deňiz portlarynyň dolandyrylyşy maslahatlaşyldy

Logistika we deňiz portlarynyň dolandyrylyşy maslahatlaşyldy
Geçirilen maslahatyň esasy maksady türkmen-koreý bilelikdäki ulag, logistika we deňiz portlaryny dolandyrmak ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmekden ybarat bolup durýar.

20-nji iýunda Aşgabatda “Ulag, logistika we deňiz portlarynyň dolandyryş ulgamyny ösdürmekde türkmen-koreý hyzmatdaşlygy” atly ýörite maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet neşiri habar berýär.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň degişli edaralarynyň wekilleri, Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň diplomatlary, Koreýanyň “Maritime” institutynyň wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Geçirilen maslahatyň esasy maksady türkmen-koreý bilelikdäki ulag, logistika we deňiz portlaryny dolandyrmak ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmekden ybarat bolup durýar.

Maslahatda çykyş edenler türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi we şu güni barada gürrüň etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022