Kanadaly kompaniýa atmosferadan CO2-ni sorup almak isleýär

Kanadaly kompaniýa atmosferadan CO2-ni sorup almak isleýär
“Carbon Engineering” ägirt uly wentilýatorlar bilen çylşyrymly himiki prosesler arkaly howadan kömürturşy gazy sorup alýar.

Kanadanyň Britan Kolumbiýasy welaýatynyň Skwamiş etrabynda ýerleşýän bir kompaniýa atmosferadan kömürturşy gazyny sorup, klimatyň üýtgemeginiň öňüni almak isleýär.

“Carbon Engineering” (“Uglerod inženerligi”) diýlip atlandyrylýan bu kompaniýa, howany göni çekmek usulyndan peýdalanyp, ägirt uly wentilýatorlar bilen çylşyrymly himiki prosesler arkaly howadan kömürturşy gazyny sorup alýar.

Howany göni çekmek usuly täzelik däl, ýöne “Carbon Engineering” bu usulyň maliýe taýdan goldaw tapmagy babatynda ýeterlik derejede kämilleşendigini aýdýar.

Dünýäniň tanymal milliarderi Bill Geýts, şeýle-de "Big Oil" toparyna girýän “Chevron”, “BHP” we “Occidental” ýaly ägirt uly nebit kompaniýalary bu taslamany goldadylar. Howadan sorulan ugleroddan sintetiki ýangyjy öndürmäge we ýerden has köp nebit almaga getirjek bu hyzmatdaşlyk “Carbon Engineering” tehnologiýasyny bazara çykarmaga amatly şert döreder diýlip garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022