25-nji iýunda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýuwujy serişdeleri öndürýän täze kärhana açylyp ulanylmaga berildi. “Bagtly zamana” hojalyk jemgyýetiniň bu häzirki zaman kärhanasynda önümçilik desgalaryndan başga-da, rezerwuarlar parky, çig mal saklanýan ammar, taýýar önümler ammary, önümler gaplanylýan binalar we beýleki kömekçi desgalar ýerleşýär.
Desganyň taslamasy Italiýanyň “Mersina” kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Taýýar önümi gaplamak işi hem “Essegi” italýan kompaniýasynyň enjamlary arkaly berjaý ediler.
Taýýar önümi gaplaýan bölümde oturdylan enjam elde we awtomatik usulda ýuwmaga niýetlenen serişdeleriň sagatda 5 tonnasyny gaplamak kuwwatyna eýedir. Şol enjam arkaly taýýar önümler 1; 3; 6; 9 kilogramlyk polietilen gaplara gaplanylýar.
Kärhanada öndürilýän önümler “Ak nur” haryt nyşany bilen içerki we daşarky bazarlara ýetirilip başlandy.