Türkmen gök önümleriniň eksporty $15 milliona ýetdi

Türkmen gök önümleriniň eksporty $15 milliona ýetdi

Türkmenistan gök önümleri eksport etmek boýunça öz ornuny pugtalandyrýar. Şu ýylyň dowamynda ýyladyşhanalarda 15 müň tonnadan gowrak hyýar we pomidor ösdürildi we daşary ýurtlara ugradyldy, bu bolsa, geçen ýylyň görkezijilerine garanyňda iki essä golaý köpdür. Mundan başga-da, daşary ýurtly alyjylara 7,5 müň tonnadan gowrak sogan hem ugradyldy. Ýylyň başyndan bäri hususy ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilen gök önümleriň eksportynyň umumy bahasy 15 million amerikan dollaryna barabar boldy diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) oba hojalyk bölüminiň maglumatlaryna görä, ýurdumyzda ýetişdirilen pomidoryň hasyly içerki bazaryň isleginden birnäçe esse artdy. Ýylyň ahyryna çenli gök önümleriň 15 müň tonnadan az bolmadyk täze hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Russiýada, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Owganystanda ýurdumyzyň önümlerine uly isleg bildirilýär. Iýun aýynda türkmen pomidorlarynyň ilkinji tapgyry Dubaý şäherine (BAE) iberildi.

Bazaryň bu ugry boýunça Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynyň telekeçileri öňde barýarlar. Bu welaýatlarda eksporta gönükdirilen ýyladyşhana toplumlarynyň uly bölegi ýerleşýär. Häzirki wagtda 150 gektardan gowrak meýdanda 60-a golaý hususy hojalyk gök önümleri ýetişdirýärler. Irki gök önümleri ösdürip ýetişdirýän iň iri öndürijileriň biri “Ýigit” hojalyk jemgyýeti bolup, ol Ahal welaýatynda ýerleşýän 30 gektar ýerden önüm alýar. Bu ýerde her gektardan aýda 25 tonna çenli pomidor ýygnalýar.

TSTB-iň dolandyryjy agzasy Şamämmet Annaýewiň aýtmagyna görä, türkmen önümleri Ýewropa bazarynda hem bäsdeşlige ukyplydyr. ÝB-niň agza ýurtlaryna eksport etmäge ymtylmak, hünärmeniň çaklamagyna görä, oba hojalyk pudagynyň köptaraply ösmegine, şeýle hem bazar aýlanyşygynyň kämilleşmegine we girdejiniň ýokarlanmagyna getirer.