Mary welaýatynda täze şäherçeleriň gurluşygy başlady

Mary welaýatynda täze şäherçeleriň gurluşygy başlady

Türkmenistanyň Döwlet habarlary gullugynyň (TDH) habar bermegine görä, Mary welaýatynyň Türkmengala, Sakarçäge we Wekilbazar etraplarynda döwrebap şäherçeleriň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi.

Türkmengala etrabynyň Täze dünýä geňeşliginde täze şäherçäniň düýbi Mary — Türkmenabat ýolunyň günorta tarapynda tutuldy. Umumy meýdany 110 gektara barabar bolan şäherçede geňeşligiň edara binasy, 660 orunlyk mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, Saglyk merkezi, azyk harytlary dükany, toý mekany, çörek we çörek önümlerini çykarýan kärhana, bazar hem-de hyzmat ediş öýi göz öňünde tutuldy. Şäherçede 570 hojalyga niýetlenen üç we dört otagly bir gatly jaýlar gurlar.

Aşgabat – Mary ýolunyň demirgazyk tarapynda ýerleşen Sakarçäge etrabynyň Gumgüzer geňeşliginiň täze şäherçesiniň meýdany 150 gektara barabar bolar. Bu ýerde 784 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary, geňeşligiň binasy, 720 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, Saglyk merkezi, dükanlar we beýleki düzümleýin desgalar gurlar.

Wekilbazar etrabynyň Üçdepe obasynda düýbi tutulan, meýdany 100 gektara barabar bolan täze şäherçe Mary – Türkmenabat ýolunyň demirgazyk tarapynda ýerleşer. Taslama laýyklykda, bu ýerde geňeşligiň binasy, 660 orunlyk mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, Saglyk merkezi, azyk harytlary dükanlary, bazar, çörek bişirilýän kärhana, 500 hojalyga niýetlenen üç we dört otagly bir gatly ýaşaýyş jaýlary gurlar.

Welaýatyň merkezinde – Mary şäherinde hem täze ýaşaýyş toplumlarynyň düýbüni tutmak boýunça dabaralar geçirildi. Bu ýerde Baýramhan köçesiniň ugrunda 68 we 48, şeýle hem 24 öýli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 16-sy peýda bolar. Olar 656 hojalyga niýetlenendir. Topluma çagalar meýdançalarynyň 6-sy hem-de dürli çäreleri geçirmek üçin niýetlenen binalar girer, ýaşyl zolaklar dörediler. Mundan başga-da, Baýramhan köçesiniň ugrunda 500 orunlyk mekdep gurlar. Bagtyýarlyk köçesiniň ugrunda 102 we 119 öýli ýedi gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 4-si, awtoduralga, çagalar we sport meýdançalary meýilleşdirilýär. Magtymguly köçesiniň ugrunda ýanaşyk ýeri abadanlaşdyrylan 114 öýli, ýedi gatly ýaşaýyş jaýy gurlar.

Şeýle hem Baýramaly şäherinde umumy meýdany 25,3 gektara barabar bolan döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna badalga bermek boýunça dabara geçirildi. Şäheriň merkezinde, Oguzhan köçesiniň ugrunda 32 we 40 öýli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 41-si gurlar. Topluma söwda merkezleriniň 4-si, sport we çagalar meýdançalary, 160 orunlyk çagalar bagy girer.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022