Birža söwdalarynda esasan nebit we dokma önümleri hasaba alyndy

Birža söwdalarynda esasan nebit we dokma önümleri hasaba alyndy
Daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, nah ýüplügi, regenirlenen süýüm satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 163-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtobenzini, dizel ýagnyjyny, şeýle hem ЕСО-93 awtobenzini (“Türkmengaz” döwlet konserni) satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler reňksiz list aýna, nah ýüplügi, regenirlenen süýüm satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 89 million 198 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Gonkongdan, Gyrgyzystandan gelen işewürler jemi bahasy 10 million 562 müň manatlykdan gowrak nah matany we nah ýüplügi satyn aldylar.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri 10 million 732 müň manatlykdan gowrak ýokary dykyzlykly polietileni, polietileniň aglomeratyny, şeýle hem polipropileniň aglomeratyny satyn aldylar.

2022
ENG TM РУС