BMG-niň ýolbaşçysy howanyň ählumumy maýlamagynyň ýetirýän täsiri barada ýatlatdy

BMG-niň ýolbaşçysy howanyň ählumumy maýlamagynyň ýetirýän täsiri barada ýatlatdy
BMG-niň ýolbaşçysy ýagdaýyň barha çylşyrymlaşjakdygyny duýduryp, wagty ýitirmezlige çagyrdy.

“Biziň maksadymyz – şu asyryň ikinji ýarymyna uglerodsyz geljegi üpjün etmekdir” diýip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş howanyň gyzmagy bilen baglanyşykly ýakyn wagtda boljak duşuşyga taýýarlygyň gidişine bagyşlanyp, Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen konferensiýada eden çykyşynda belledi.

Howanyň maýlamagy boýunça duşuşyk şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde geçiriler. Onuň esasy maksady – howanyň ählumumy maýlamagynyň öňüni almak, aşa gyzmaklygy 2 gradus, eger mümkin bolsa 1,5 gradus derejede saklamak barada Pariž ylalaşygyny ýerine ýetirmek boýunça anyk çäreleri işläp düzmekden ybarat.

BMG-niň ýolbaşçysy ýagdaýyň barha çylşyrymlaşjakdygyny duýduryp, wagty ýitirmezlige çagyrdy. Hut geçen hepdäniň dowamynda şu asyryň başyndan bäri Gimalaý daglaryndaky buzluklaryň öňküden iki esse çalt eräp başlandygy baradaky maglumatlar çap edildi. Arktikanyň müdimilik buzluklary bolsa çaklanylyşyndan çalt ereýär.

Baş sekretar, hatda, ýurtlaryň howanyň gyzmagy baradaky Pariž ylalaşygynyň düzgünnamalary berjaý eden ýagdaýynda-da şu ýüzýyllykda howanyň gyzmagynyň 3 gradusa çenli ýokarlanjakdygy, munuň bolsa düzedip bolmajak heläkçilige getirmeginiň mümkindigi baradaky alymlaryň çaklamalaryna salgylandy. Şunuň bilen birlikde howanyň aşa gyzmagyny 1,5 gradusdan aňry geçirmezlige entek mümkinçilikler bar. Munuň özi ähli pudaklarda: ýer serişdelerinden peýdalanmakda, energetikada, senagatda, gurluşykda we ulag ulgamynda gyssagly çäreleri görmegi talap edýär.

BMG-niň ýolbaşçysy hut şu sebäplere görä, 23-nji sentýabrda howanyň gyzmagy boýunça ýörite duşuşygyň geçirilýändigini nygtady. Onuň sözlerine görä, dünýäniň hiç bir ýurdy howanyň gyzmagy bilen baglanyşykly çylşyrymly meseleleri ýekelikde çözüp bilmez. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022