Demir önümleriniň 5,2 müň tonnasy öndüriler

BT
Demir önümleriniň 5,2 müň tonnasy öndüriler
Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 5200 tonnadan gowrak demir turbalary we profilleri öndürmäge barabar.

Mary welaýatynda 26-njy iýunda täze gurluşyk önümlerini öndürýän hususy kärhananyň açylyş dabarasy boldy. Mary etrabynda “Halal dogan” hususy kärhanasynyň bina eden bu döwrebap täze kärhanasy gurluşyk-­gurnama işlerinde giňden ulanylýan demir turbalary we beýleki demir önümleri öndürmäge niýetlenendir.

Täze kärhananyň umumy tutýan meýdany 3 gektar bolup, ol ýerde kärhananyň edara binasy, işçiler üçin naharhana, dynç alyş otagy hem­-de önümçilik bölümi ýerleşýär.

Täze işe başlan hususy kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 5200 tonnadan gowrak demir turbalary we profilleri öndürmäge barabar. Şeýle hem bu kärhanada 25 täze iş orny döredildi.

Gurluşyk pudagynda giňden ulanylýan dürli ölçeglerdäki demir profilleriň we turbalaryň önümçiliginde zähmet çekjek hünärmenlere ýörite okuwlar geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022