Owganystan ECO-93 benzininiň ilkinji tapgyryny kabul etdi

Owganystan ECO-93 benzininiň ilkinji tapgyryny kabul etdi
Goňşy ýurda bu önümiň 60 tonnasy ynsanperwerlik kömegi hökmünde berler.

Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawoddan iberilen ekologiýa taýdan arassa benziniň ilkinji tapgyry duşenbe güni Owganystanyň çägindäki Akina demir ýol bekedine baryp ýetdi. Bu barada TDH habar berýär.

28-nji iýunda täze zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşan pursatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow demir ýol we awtoulag bilen Owganystan Yslam Respublikasyna täze önüm – tebigy gazdan taýýarlanylan benziniň hem-de suwuklandyrylan gazyň iberilmegine badalga berdi. Goňşy ýurda bu önümiň 60 tonnasy ynsanperwerlik kömegi hökmünde berler.

Akina bekedinde tebigy gazdan taýýarlanylan ECO-93 benzin hem-de suwuklandyrylan gaz ýüklenilen demir ýol düzümini we awtoulag kerwenini Akina şäherçesiniň häkimi Azimi Başir Ahmad, Owganystanyň DIM-niň wekili Gulam Resul Aýmak, Akina bekediniň gümrük gullugynyň ýolbaşçylary, nebitgaz we demir ýol düzümleriniň, Owganystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, “Aýna”, “Batyr” we “Milli” teleýaýlymlaryň, Türkiýäniň “Anadolu Ažansy” habarlar agentliginiň we beýlekileriň wekilleri garşyladylar.

Ynsanperwerlik ýüküniň owgan tarapyna dabaraly ýagdaýda gowşurylmagynyň dowamynda goňşy ýurduň resmi adamlary, ýerli häkimiýetiň wekilleri we ýaşaýjylary doganlyk kömek üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Atamyrat - Ymamnazar - Akina demir ýoly 2016-njy ýylyň noýabr aýynda açylyp ulanmaga berildi. Ýewropa, Aziýa - Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa ugry boýunça möhüm geçelgä öwrülmegine garaşylýan bu halkara demir ýolunyň gurluşygyny türkmen tarapy amala aşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022