Türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) Söwda we ösüş Geňeşiniň 66-njy mejlisine gatnaşdy. 24-28-nji iýunda Ženewa şäherinde geçirilen mejlisde Türkmenistan Geňeşiň hemişelik agzasy hökmünde bir agyzdan kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berilýär. Maglumata görä, Geňeşe 157-nji döwlet hökmünde goşulan Türkmenistan, onuň "A" toparynyň sanawyna girizildi.
ÝUNKTAD-yň resmi internet beýanatynda hem Türkmenistan barada şeýle habar berildi:
Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky ofisinde geçirilen ýyllyk mejlisimizde Hazar deňzine kenary bolan Merkezi Aziýa ýurdy esasy karar kabul ediji we dolandyryjy edaramyzyň düzümine goşuldy. Türkmenistany Söwda we ösüş Geňeşiniň düzüminde hoş gördük.
ÝUNKTAD we Türkmenistan
2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNKTAD-yň Baş sekretary Muhisa Kituýiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirilipdi.
Duşuşygyň ahyrynda “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama” gol çekilmegi bilelikdäki hereketleriň esasy ugurlaryny kesgitledi.
ÝUNKTAD-yň dört ýyldan bir gezek gurnalýan ministrler derejesindäki sessiýasynyň nobatdaky duşuşygy 2020-nji ýylda Barbados we Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriler.