DIM-de üç ýurduň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi

BT
DIM-de üç ýurduň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi
Duşuşyklarda söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek bilen bagly meseleleriň toplumyna seredildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde (DIM) penşenbe güni Russiýanyň, Irlandiýanyň, Polşanyň wekiliýetleri bilen aýratynlykda duşuşyklar geçirildi. Bu barada DIM-iň resmi internet saýtynda habar berilýär.

Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Mihail Babiçiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara turkmen-rus toparynyň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligi barada pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda 5-nji maýda gol çekilen Hökümetara toparynyň 11-nji mejlisiniň Teswirnamasynyň düzgünlerini gazanylan ylalaşyklara görä durmuşa geçirmek boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy ösdürmekde bar bolan mümkinçilikleri nazarda tutup, taraplar ikitaraplaýyn oňyn özara hereketleri dowam etdirmek boýunça isleglerini beýan etdiler.

Şeýle hem DIM-de Aşgabada iş sapary bilen gelen Irlandiýanyň Premýer-ministriniň ýörite wekili, Ilçi Dewid Donahýunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine ygrarlylygyny bellediler. Halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanarly belläp, taraplar 2021-2022-nji ýyllarda  BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň geljekki saýlawlarynda Irlandiýanyň dalaşgärligini goldamak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.  

Irlandiýanyň wekiliýeti iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň hem-de bilelikdäki ykdysady taslamalary işläp taýýarlamagyň wajypdygyny belledi. Mundan başga-da, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak üçin, taraplar Irlandiýanyň işewürleriniň saparlaryny guramak we işewürler forumyny geçirmek arkaly iki ýurduň işewürleriniň hyzmatdaşlygyny giňeltmegi teklip etdiler.

DIM-de geçirilen türkmen-polýak syýasy geňeşmelerinde taraplar türkmen-polýak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem, ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Polşa Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Marçin Prjidaç ýolbaşçylyk etdi. Gazanylan ylalaşyklary gözden geçirmek bilen, taraplar bilelikdäki şertnama-hukuk binýadynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtda, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek bilen bagly meseleleriň toplumyna hem seredildi.