Lýuksemburgda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky mejlisi başlady

Lýuksemburgda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky mejlisi başlady

Lýuksemburgda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Parlament Assambleýasynyň her ýylky mejlisi öz işine başlady.

Penşenbe güni başlan çäräniň birinji gününiň barşynda gün tertibi we 3 (harby-syýasy, ykdysady we ynsanperwer) komitet boýunça kabul edilmäge meýilleşdirilýän rezolýusiýalaryň hatary tassyklanyldy.

5-nji iýunda ykdysady meseleler boýunça ikinji komitetde “Durnukly ösüş üçin ylym, tehnika we innowasiýalar ugurlarynda strategiki maglumat beriş” atly Belarus Respublikasynyň beren rezolýusiýasynyň taslamasyna seredildi. Türkmenistanyň DIM-niň internet saýtynda berlen maglumata görä, türkmen tarapy bu taslamany awtordaş hökmünde goldady.   

Türkmen tarapyna Belarus Respublikasy tarapyndan minnetdarlyk bildirildi.

28-nji gezek geçirilýän ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň mejlisi 8-nji iýula çenli dowam eder.