Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň anna güni geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow 2019-njy ýylyň ýanwar – iýun aýlarynyň netijeleri boýunça halk hojalyk toplumlarynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini aýtdy.
Şu ýylyň 1-nji ýarymynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 103,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 84,9 göterim ýerine ýetirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 16 milliard manada ýa-da jemi içerki önümiň 26,6 göterimine barabar bolup, 2019-njy ýyl üçin maýa goýum maksatnamasy 41,5 göterim ýerine ýetirildi.
Milli Liderimiz sanly ykdysadyýete çalt geçmegiň döwlet syýasatynyň strategiki maksady bolup durýandygyny nygtady. Ministrligiň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biri Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda bellenilen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda bu ugurdaky işleri talabalaýyk alyp barmak hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin has netijeli çäreleriň görülmelidigini aýdyp, bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.
Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ýanwar – iýun aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem daşary ýurtlara iberilýän harytlar hem-de edilýän hyzmatlar üçin ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň hasabyna daşary ýurt pullarynyň gelip gowuşmagynyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada maglumatlar aýdyldy.
2019-njy ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň banklarynyň ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen karzlarynyň möçberi 9,9 göterim, ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk bölegine berlen karzlaryň möçberi bolsa 26,1 göterim artdy.
Hususy telekeçiligiň işini höweslendirmäge gönükdirilen ýeňillikli karzlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne görä 14,8 göterim ýokarlandy. Şunda taslamalaryň 1695-si maliýeleşdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler Ç.Purçekowa we M.Çakyýewe daşary ýurt pulunda gelip gowuşýan serişdeleriň möçberiniň azalandygyny aýtdy. Milli Liderimiz energetika ministri M.Artykowyň we “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýolbaşçysy D.Saburowyň ünsüni şol edaralar tarapyndan bu baradaky tabşyrygy ýerine ýetirip bilmändigine çekip, öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi tabşyrdy. Daşary ýurt pulundaky serişdeleriň gelip gowuşmagy boýunça tabşyrygyň ýerine ýetirilmegine her bir ýolbaşçy örän jogapkärli çemeleşmelidir diýip, mejlise gatnaşyjylara anyk tabşyryklary berdi.