2020-nji ýyldan Türkmenistanda zähmet haklary ýokarlanar

2020-nji ýyldan Türkmenistanda zähmet haklary ýokarlanar
Türkmenistan boýunça iň pes zähmet haky bolsa, 870 manat möçberde kesgitlendi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklary ýokarlanar. Şunlukda, döwlet býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklary, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10% köpeldiler.

Şeýle hem pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 338 manat, döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 322 manat möçberlerinde bellendi. Türkmenistan boýunça iň pes zähmet haky bolsa, 870 manat möçberde kesgitlendi.

Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti degişli ýolbaşçylara oba ýerlerinde mugallymlaryň iş meselesini öwrenmegi tabşyrdy we obada işleýän mugallymlaryň zähmet hakyna ep-esli möçberde goşmaça töleg goşmaly, şeýle hem olar ýeňillikli şertlerde ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmelidir diýip nygtady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022