Türkmen-Eýran gaz käniniň gündelik önümçiligi 63 million kubmetr

Türkmen-Eýran gaz käniniň gündelik önümçiligi 63 million kubmetr
Gonbadli gaz käni Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda baglaşylan ikitaraplaýyn şertnama laýyklykda 2011-nji ýyldan bäri bilelikde dolandyrylýar.

Eýranyň demirgazygynda ýerleşýän Gonbadli gaz ýatagynda gündelik 63 million kubmetr tebigy gaz we gaz kondensaty çykarylýar.

“Mehr” agentliginiň habaryna görä Eýranyň merkezi nebit ýataklary kompaniýasynyň (ICOC) ýolbaşçysy Seyed Abolhassan Mohammadi 6-njy iýulda geçirilen çärede türkmen-eýran bilelikdäki gaz ýatagynyň önümçilik kuwwaty barada belläp geçdi.

Mohammadi nebitgaz kompaniýasynyň ähmiýetine ünsi çekip, “Türkmenistan bilen bilelikde dolandyrylýan Gonbadli gaz käninde gündelik 63 million kubmetr gaz we gaz kondensaty öndürilýär. Bu gaz ýatagy ýurduň günortasyndaky iň uly ýerasty gaz saklaýjysy üçin hem esasy çeşmeleriň biridir” diýdi.

Gonbadli gaz käni Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda baglaşylan ikitaraplaýyn şertnama laýyklykda 2011-nji ýyldan bäri bilelikde dolandyrylýar.

2022