Merkezi Aziýa ýurtlary merkezi elektroenergiýa bazaryny döredýär

Merkezi Aziýa ýurtlary merkezi elektroenergiýa bazaryny döredýär
Konferensiýa sebitiň döwlet elektroenergiýa kompaniýalarynyň we Energetika ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Stambul şäherinde 4-nji iýulda Merkezi Aziýada elektroenergiýa ulgamyny ösdürmek boýunça konferensiýa geçirildi. Konferensiýa gatnaşyjylar Merkezi Aziýada umumy elektroenergetika bazaryny döretmek boýunça ylalaşyga geldiler. Bu barada Özbegistanyň Energetika ministrliginiň metbugat merkezi habar berýär.

Konferensiýa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet elektroenergiýa kompaniýalarynyň we Energetika ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Aziýa Ösüş bankynyň we Türkiýe Respublikasynyň goldamagynda geçirilen çärede özara düşünişmek boýunça deklarasiýa gol çekildi.

Merkezi Aziýa sebitinde elektroenergiýa ulgamynda alnyp barylýan reformalary özara maslahatlaşmaga mümkinçilik döredýän bu konferensiýa ilkinji gezek 2018-nji ýylda Daşkent şäherinde geçirildi.