Daşoguzda 48 müň tonna golaý ýeralma ýygnalar

Daşoguzda 48 müň tonna golaý ýeralma ýygnalar
Welaýat boýunça jemi 47 müň 600 tonna ýeralma hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär.

Daşoguz welaýatynda iri gök ekerançylar irki ýeralmanyň hasylyny ýygnamak işini uly depginde alyp barýarlar. Häzirki günde ýeralmanyň 12 müň tonna golaýy ýygnaldy, bu bolsa ýyllyk borçnamanyň dörtden bir bölegine deňdir.

Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň daýhanlary demirgazyk welaýatynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Olar 900 gektar meýdandan 12 müň 600 tonna hasyl ýygnamagy maksat edinýär, bu mukdar geçen ýyldakydan 3 müň tonna artykdyr. Ýerli kärendeçiler eýýäm ýeralmanyň 5 müň tonnasyny ýygdylar.

S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ekerançylary bolsa, 700 gektar meýdandan 10 müň tonna golaý hasyl ýygnamagy maksat edinýärler.

Boldumsaz etrabynyň “Garaşsyzlyk” geňeşligi hem iri gök ekerançylyk hojalyklarynyň biri bolup, bu ýerde pagtanyň, bugdaýyň ýany bilen her ýyl gök-bakja ekinleriniň hem hasyly kemala getirilýär. Şu ýyl geňeşlik boýunça irki ýeralmanyň 15 gektary ýetişdirildi. Şonça meýdandan ýeralmanyň 210 tonnasyny ýygmak göz öňünde tutulýar.

Welaýat boýunça jemi 47 müň 600 tonna ýeralma hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Şol bir wagtda welaýatda irki soganyň hasylyny ýygnamak işleri hem alnyp barylýar. Häzirki wagtda onuň 3 müň tonna golaýy taýýarlandy, bu bolsa ýyllyk meýilnamanyň 20 göterimine barabardyr.

Ýurdumyzyň söwda nokatlaryny dürli ir-iýmiş we gök-bakja ekinleri bilen üpjün edýän Daşoguz welaýatynyň ekerançylary içerki bazary ýokary hilli ýerli azyk önümleri bilen üpjün etmek baradaky döwlet maksatnamasynyň amala aşmagyna saldamly goşant goşýar.

2022