Tölegli okuwa 8 müň 54 talyp kabul ediler

Tölegli okuwa 8 müň 54 talyp kabul ediler
Ýokary okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim almaga isleg bildirýänleriň 8 müň 54 sanysy kabul ediler.

Ýurdumyzda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek duşenbe güni başlandy.

Okuwa kabul edişlik 8-nji iýul we 17-nji awgust aralygynda ýokary we orta hünär mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçiriler.

Şu ýyl 12 müň 242 adam ýokary okuw mekdepleriň talyplary bolar, munuň özi geçen ýylyň degişli görkezijisinden 3 müň 392 adam köpdür.

Şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim almaga isleg bildirýänleriň 8 müň 54 sanysy kabul ediler.

Ýurdumyzda hereket edýän ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlarynyň 33-si peýda boldy.

Şu ýyl Türkmenistanyň orta hünärment okuw mekdepleriniň 42-si ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň we kärhanalaryň sargytlaryna laýyklykda 9 müň 63 okuwçyny okuwa kabul ederler. Bu okuw mekdeplerine giriş synaglar 24-nji iýuldan 14-nji awgust aralygynda geçiriler.