Dünýä ilaty 2055-nji ýylda 10 milliarda ýetip biler

BT
Dünýä ilaty 2055-nji ýylda 10 milliarda ýetip biler
2 müň ýyl öň 300 million bolan dünýäniň ilaty bu gün 7,71 milliarda çenli köpeldi.

Häzirki wagtda 7,71 milliarda ýeten dünýä ilatynyň, 2055-nji ýylda 10 millarda barabar boljakdygy çak edilýär. Ösüş şular ýaly depginde dowam eden ýagdaýynda ilat sany asyryň ahyrynda 11,2 milliarda ýeter.

Birleşen Milletler Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) hödürlemegi we BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul etmegi bilen 1989-njy ýyldan bäri 11-nji iýul Bütindünýä ilat güni hökmünde bellenilýär.

BMG-niň Ilat Gaznasynyň dünýä ilatynyň hazirki ýagdaýy we ösüşi boýunça ýygnan maglumatlaryna görä, 2 müň ýyl öň 300 million bolan dünýäniň ilaty bu gün 7,71 milliarda çenli köpeldi.

Dünýä ilaty 1600-nji ýylda 600 million, 1804-nji ýylda 1 milliard, 1927-nji ýylda 2 milliard, 1961-nji ýylda 3 milliard, 1971-nji ýylda 4 milliard ýaşaýja çenli artdy. Bu çalt depginli ösüş dünýäniň adamlarynyň sanyny 1987-nji ýylda 5 milliarda, 1999-njy ýylda 6 milliarda we 2011-nji ýylda 7 milliarda ýetirdi.

Ýer ýüzünde iň köp ilat Aziýada

Aziýa iň köp ilatly yklym bolmak bilen dünýäniň 60% adamlaryny özünde jemleýär. Bu materigiň yzyny Afrika 15%, Ýewropa 10%, Latyn Amerika 8% bilen eýerýär.

Hytaý 1,42 milliard ilaty bilen iň köp adamly ýurt derejesini saklap gelse, Hindistan 1,37 milliard adamy bilen onuň yzyndaky orny eýeleýär. Şeýle hem dört ýyl soňra Hindistanyň Hytaýy geçjekdigi çak edilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022